TK |
|
TKAMM logo
Milli manadymyz – ykdysadyýetimiziň berk binýady
Milli manadymyz – ykdysadyýetimiziň berk binýady
24.10.2026 Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Milli manadymyz – ykdysadyýetimiziň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Milli manadymyz – ykdysadyýetimiziň berk binýadydyr» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabaraly çärä bank ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda milli manadymyzyň milli ykdysadyýetimiziň ösüşindäki ähmiýeti, maliýe-bank ulgamynda gazanylan üstünlikler hem-de milli töleg ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada bellenildi. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmen manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilip, ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygynyň möhüm nyşanyna öwrüldi. Şondan bäri milli pul birliginiň durnuklylygyny üpjün etmek, nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek we bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda milli manadymyz ýurdumyzyň ykdysady durnuklylygynyň, maliýe ulgamynyň berkliginiň we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň möhüm görkezijisi bolup durýar.

 

Orazgül ORAZMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça esasy hünärmeni.

Degişli makalalar