TK |
|
TKAMM logo
ARKADAGLY SERDAR BILEN MILLI MEDENIÝET GALKYNÝAR
12.06.2026 Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

ARKADAGLY SERDAR BILEN MILLI MEDENIÝET GALKYNÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz,  baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tutumly tagallalary netijesinde bu gün Watanymyzyň çar künjeginde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk şowhuny, dabarasy has belentden ýaňlanýar, eziz Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän taryhy maksatnamalarynyň waspy ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň halkara ylmy hyzmatdaşlyk syýasatynyň, şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylan, medeni we ynsanperwer halkara gatnaşyklarynyň giňelmegine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň wagyz edilmegine ýardam edýän düýpli özgertmeleriň ähmiýeti örän uludyr.

Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Medeniýet – halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarada teatryň sahna ussatlary, bagşydyr sazandalary uly ruhubelentlikde çykyş etdiler.

Zehinini müdimi umumadamzat gymmatlyklaryna hyzmat etmäge bagyş eden Magtymgulynyň ruhy-intellektual dünýä ösüşinde ahmiýetli orun tutan şahsyýetleriň biridigi, dünýä halklarynyň çeperçilik dünýä garaýşynyň ösmegine güýçli täsir eden Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýetiniň milli çäkden belentdedigi, onuň has çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenilmegi talap edilýän ugurlarynyň biridir. Onuň döredijiligi müdimi ylham, ahlak, watanperwerlik, edermenlik we ösüp gelýän ýaş nesil üçin görelde terbiýe mekdebi bolan türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyran beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk öwrenilmeginiň we giňişleýin wagyz edilmeginiň ähmiýeti örän uludyr.

Ýurdumyzda bellenilip geçilýän baýramçylyk dabaralarda nepis şaý-sepler, türkmen halylary we haly önümleri, milli lybaslardyr ussalaryň hem-de senetçileriň işleri sergilerde ýerleşdirilýär, şeýle hem Magtymgulynyň çuň manyly, watançylyga ýugrulan goşgulary, edebi-sazly kompozisiýasy ajaýyp baýramyň çuňňur döredijilik we mähirli ruhuny güýçlendirýär.

Magtymgulynyň öňden görüjilikli eserlerinde arzuw eden, üstünlikli bilim almak we netijeli işlemek üçin ýurtda döredilen  ähli zerur şertler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin bagtly, asuda, Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimizde abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikler arzuw edýäris.

Meretgül Taganmyradowa, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň  Geňeşiniň esasy hünärmeni

Degişli makalar