Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň Iş meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylyň oktýabr aýynyň 18-23-i aralygynda TKAMM-yň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Daýanç” sagaldyş merkezinde “Ylym – bilim ýagty geljege şugla” ady bilen usuly-amaly okuw maslahatyny we Geňeşiň nobatdaky giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklaryndan jogapkär işgärler we kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym, bilim ulgamynda ýetilen belent sepgitler hakynda buýsançly çykyşlar edildi, şeýle hem TKA-nyň Tertipnamasyna laýyklykda işleriň talabalaýyk ýola goýluşy tehniki howpsuzlyk çäreleriniň dogry berjaý edilişi, kärdeşler arkalaşygynyň işine degişli hukuk maslahatlary berildi.
Bu ugurdan degişli hünärmenleriň çykyşlary gurnaldy: TKA-nyň Balkan welaýat Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň hukuk gözegçisi Resul Taýçaýew hem-de tehniki gözegçisi Gurt Üýşmekow, şeýle hem TKA-nyň Balkan welaýat derňew toparynyň agzasy, Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň baş hasapçysy Şemşat Arazmämmedowa dagy kärdeşler arkalaşygynyň işine degişli usuly maslahatlaryny berdiler.
Soňra Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Aýna Nurmämmedowna Öräýewanyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylmy edaralaryň we guramalaryň pudaklaýyn arhiwiniň başlygy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Näzik Kakabaýewna Gutlyýewanyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň Okuw we Halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ogulmeňli Dädebaýewanyň prezentasiýaly çykyşlary boldy.
Maslahatda TKA-nyň etrap, şäher birleşmeleriniň Geňeşleriniň başlyklarynyň iş tejribelerinden çykyşlaryna hem giň orun berildi.
Maslahatyň dowamynda 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistan döwletimizde il-ýurt bähbitli halkara derejesinde geçirilýän maslahatlar, forumlar hakynda, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaşlar syýasaty, Gahryman Arkadagymyzyň mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar bilen geçiren umumyokuw sapagy dogrusynda, kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hakynda, daşky gurşawy goramak, ekologiýa hakynda söhbetdeşlikli gepleşikler “Altyn asyr: - Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda kärdeşler arkalaşygynyň işine degişli sorag-jogap alyşyldy.
Okuw maslahatynyň geçirilen günlerinde maslahata gatnaşýan kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we onuň il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli işlerini mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleri hakynda “Miras” radioýaýlymynyň “Nesil” bölüminde buýsançly çykyşlary guraldy.
Mundan başga-da okuw maslahatyna gatnaşýan ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sportuň küşt, şaşka, woleýbol, tanap çekmek ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlar hem guraldy.
H.Baýramow
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy