TK |
|
TKAMM logo
GÖKDEREDÄKI BÄSLEŞIK
08.07.2026 Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

GÖKDEREDÄKI BÄSLEŞIK

Şu günler çagalaryň tomusky dynç alyş döwri gyzgalaňly dowam edýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde Gökderedäki we Awazadaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alyşyny guramak boýunça ýörite meýilnama işlenip düzüldi.

Şol meýilnamanyň esasynda, 2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde, Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “El hünäri - il gezer” diýen at bilen milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek, dürli görnüşli materiallardan döredijilik işlerini ýasamak, asfalta surat çekmek boýunça merkezara bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige gatnaşýan çagalary höweslendirmek üçin, bäsleşige gatnaşýan çagalara we bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçdi.

 

Maýa Çaryýewa

Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň

Aşgabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy

Degişli makalar