TK |
|
TKAMM logo
IL BÄHBITLI TARYHY MASLAHAT
IL BÄHBITLI TARYHY MASLAHAT
IL BÄHBITLI TARYHY MASLAHAT
IL BÄHBITLI TARYHY MASLAHAT
23.07.2026 Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

IL BÄHBITLI TARYHY MASLAHAT

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşyny hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynda kabul edilen kararlary wagyz-nesihat etmek maksady bilen, “TW-4 Türkmenistan” teleýaýlymynda: “Il bähbitli taryhy maslahat” atly söhbetdeşlik-interwýu, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda ýazgy edildi.

Bu söhbetdeşlige kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary: - Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Bägül Garajaýewa, Aşgabat şäheriniň 91-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Aýjeren Mämmetmyradowa, Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän 140-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymlary: - Ogulgerek Mededowa, Oguljemal Baýramnazarowa, Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň usulçy-guramaçysy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Tawus Atagurbanowa dagy gatnaşdylar we çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy, onuň bedew batly ösüşlerini wasp etdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty, onuň taryhy ähmiýeti, Halk maslahatyna görülýän taýýarlyklar, Halk maslahatynyň il-ýurt bähbitli çykarýan çözgütleri barada aýdyp, ony teleýaýlymda giň halk köpçüligine wagyz-nesihat etdiler.

Söhbetdeşlikde çykyş eden kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary öz çykyşlaryny Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdaymyza alkyşnamalar bilen tamamladylar.

Maýa Çaryýewa

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň başlygy

Degişli makalar