Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary tanymal alymlary bilen söhbetdeşlik-interwýu geçirildi. “Halk maslahaty-türkmen halkyň beýik geçmişiniň, bagtyýar şu gününiň we röwşen gelejeginiň bitewülik mekdebidir” atly söhbetdeşlik-interwýu türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşyny hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynda kabul edilen kararlary wagyz-nesihat etmek maksady bilen “Altyn asyr,Türkmenistan” teleýaýlymynda ýazgy edildi.
Bu söhbetdeşlige kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Kakajan Baýramow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Merdan Nepesow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Paşaguly Garaýew dagy gatnaşdylar we çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan –– bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýyrdumyzda milli ýörelgelerimize däp-dessurlarymyza uly ähmiýet berilýar. Şeýle hem halkymyzyň abadançylygy barada wasp etdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynda öňe sürülýän başlangyçlar we kabul edilýän çözgütler, ilkinji nobatda her bir bagtyýar raýatyň abadançylygyny ileri tutýan garaýyşlardan ugur alýar. Halk Maslahatynyň mejlisiniň mukaddes şanly Garaşsyzlygymyzyň giňden bellenilýän günlerinde geçirilmeginiň hem aýratyn many-mazmunynyň bardygyny aýdyp,ony teleýaýlymda giň halk köpçüligine wagyz-nesihat etdiler.
Söhbetdeşlikde çykyş eden kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.
Gözel Berdiniýazowa.Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň hünärmeni