Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda,Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşyny hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynda kabul edilen kararlary wagyz-nesihat etmek maksady bilen, “Altyn asyr,Türkmenistan”teleýaýlymy “Halk maslahaty-geňeşli çözgüt” atly söhbetdeşlik-interwiýu, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda ýazgy edildi.
Bu söhbetdeşlige kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary:
Ø Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty, institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Hurma Çommadowa
Ø Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Mähri Ataýewa
Ø Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzasy Altynjemal Nepesowa
Ø Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy, Aşgabat şäher Berkararlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Şirinjemal Ýegelekowa dagylar gatnaşdylar we çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň durmuşynda amala aşyrylýan özgertmeler milli döwletlilik ýörelgelerini,döwrebap esasda ösdürmäge gönükdirilendigini nygtap geçdiler. Şol özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşdaky ornuny has-da pugtalandyrmakdyr.Halk Maslahatynyň işiniň esasy aýratynlyklarynyň biri hem jemgyýetçilik pikirine daýanmak,dürli ugurlaryň wekilleriniň tekliplerini öwrenmek we halkyň bähbitlerinden ugur alyp çözgütleri ara alyp maslahatlaşmak ýörelgesidir. Bu çemeleşme milli demokratiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edip, raýatlaryň jemgyýet bilen döwletiň arasyndaky özara ynamy pugtalandyrmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy kökleri, onuň wajyplygy, Halk maslahatyna görülýän taýýarlyklary, Halk maslahatynyň il-ýurt bähbitli çykarýan çözgütleri barada aýdyp, ony teleýaýlymda giň halk köpçüligine wagyz-nesihat etdiler.
Söhbetdeşlikde çykyş eden ylym-bilim pudagynyň işgärleri kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary öz çykyşlaryny Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mähriban halkymyzy ýetip gelýän Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Halkymyzyň milli däplerine esaslanyp, mizemez durmuş kadasyna öwrülen parahatçylyk syýasatyny giňden dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli işleri rowaç bolmagy arzuwlaryny tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Gözel Berdiniýazowa
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäherindäki ilikinji guramalarynyň başlyklarynyň Geňeşiniň hünärmeni