TK |
|
TKAMM logo
/ Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklary / Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy / Türkmen-Niderland gatnaşyklary: Durnukly ösüş, in…
Türkmen-Niderland gatnaşyklary: Durnukly ösüş, innowasiýalar we giň gerimli hyzmatdaşlyk
07.09.2026 Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

Türkmen-Niderland gatnaşyklary: Durnukly ösüş, innowasiýalar we giň gerimli hyzmatdaşlyk

 Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 20-nji maýynda resmi taýdan ýola goýuldy. Geçen otuz ýyldan gowrak wagtyň içinde taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, Bitaraplyk ýörelgelerini berjaý etmek hamda durnukly ykdysady ösüşe umumy ymtylyş esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) esaslandyryjy agzalarynyň biri bolan Niderlandlar bilen Bitarap Türkmenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklar diňe bir ikitaraplaýyn formatda däl, eýsem, «Ýewropa Bileleşigi – Orta Aziýa» dialogynyň hamda Birleşen Milletler Guramasy (BMG) we ÝHHG ýaly iri halkara düzümleriň çäklerinde hem netijeli amala aşyrylýar.

   Ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň esasy sütünleriniň biri daşary syýasy edaralaryň arasynda geçirilýän geňeşmelerdir. Niderlandlar Patyşalygy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, sebitleýin parahatçylygy we durnuklylygy saklamaga gönükdirilen öňüni alyş diplomatiýasy başlangyçlaryny yzygiderli goldap gelýär.

   Soňky wagtlarda ýokary derejeli diplomatik gepleşikler has-da işjeňleşdirildi. Mysal üçin, 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň başynda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Niderlandlaryň Daşary işler ministri Tom Berendseniň arasynda ikitaraplaýyn resmi duşuşyk geçirildi. Bu gepleşikleriň çäklerinde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy täze basgançaga çykarmak barada ylalaşdylar.

   Syýasy-diplomatik ugurdaky hyzmatdaşlygyň iň şowly we uzak möhletli taslamalarynyň biri bilim we kadrlar taýýarlygy alanyndadyr. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty hem-de Türkmen döwlet uniwersiteti Niderlandlaryň «Klingendal» (Clingendael) Halkara gatnaşyklar instituty bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy alyp barmagyny dowam etdirýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde türkmen ýaş diplomatlary we hünärmenleri her ýyl Niderlandlarda ýöriteleşdirilen okuw geçip, halkara hukugy, gepleşikler geçirmek sungaty we diplomatiýa boýunça hünärlerini ýokarlandyrýarlar.

   Söwda-ykdysady gatnaşyklar ulgamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli diwersifikasiýa edilýär. Niderlandlaryň baý tehnologik tejribesi Türkmenistanda amala aşyrylýan senagatlaşdyrmak we sanaýylaşdyrmak maksatnamalary bilen doly gabat gelýär.

   Oba hojalygy we agrosenagat pudagynda Niderlandlar önüm eksport etmekde we agrotehnologiýalarda dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TDTM) agzalary Niderlandlaryň «GreenTech Amsterdam» ýaly iri agrotehnologik sergilerine yzygiderli gatnaşyp, täze şertnamalary baglaşýarlar. Niderland kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda onlarça zamana-bap ýyladyşhana toplumlary guruldy. Bu toplumlarda awtomatlaşdyrylan klimat-kontrol, gidroponika, ýokary hilli tohumçylyk we suwy tygşytly peýdalanmak ulgamlary giňden ornaşdyryldy.

 

   Deňiz infrastrukturasy we logistika ugry boýunça Hazar deňziniň sebitde iri ulaý-merkeze öwrülmegi bilen bilelikde hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy. Niderlandlaryň dünýä belli «Damen Shipyards Group» kompaniýasy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hem-de «Balkan» gämi gurluşyk zawodyň bazasynda gämileri taslamak, gurmak we kämilleşdirmek boýunça gepleşikler we hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Bu hyzmatdaşlyk Transkaspiý halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

   Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça Niderlandlaryň drenaj hamda suw tyşşytlaýjy ulgamlaryndaky köpýyllyk tejribesi Türkmenistanyň suw hojalygyny döwrebaplaşdyrmakda, damjalaýyn suwarmak tehnologiýalaryny girizmekde we torlaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

   Energetika we ekologiýa çygyrynda ikitaraplaýyn dialog däp bolan uglewodorod serişdeleri bilen bir hatarda daşky gurşawy goramak meselelerini hem öz içine alýar. Türkmenistanyň Global Metan Enegiýasyna goşulmagyndan soň, niderland hyzmatdaşlary bilen gaz syzmalitylaryny monitoring etmek we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça tehnologik çözgütler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem Gün we şemaldan energiýa almak boýunça öňdebaryjy tejribeleri peýdalanmak mümkinçilikleri öwrenilýär.

   Medeni-ynsanperwer baglanyşyklar iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge kömek edýär. Iki ýurduň medeniýetinde özboluşly bir meňzeşlik bar — ol hem atçylyk sungatydyr. Türkmenistanyň milli buýsanjy bolan Ahalteke bedewleri bilen Niderlandlaryň Friz atlary dünýä atçylyk medeniýetiniň ajaýyp nusgalarydyr. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Niderlandlarda Ahalteke atlarynyň Bütindünýä gözellik çempionaty we halkara atçylyk ýaryşlary guramaçylykly geçirildi. Bu çäre türkmen atçylyk däpdessurlaryny Ýewropada giňden tanyşdyrmaga uly goşant goşdy.

   Geljekde Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň netijeli ugurlary hökmünde Transkaspiý logistika zynjyryny pugtalandyrmak, sanly ykdysadyýet we IT-tehnologiýalar pudagynda tejribe çalyşmak hem-de ýokary okuw jaýlarynyň arasynda göni akademiki baglanyşyklary ýola goýmak bolar. Bu köp taraply hyzmatdaşlyk iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine we durnukly ösüşe hyzmat etmegini dowam etdirer.

 

Hangeldi Baýramow.Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby

 

Degişli makalalar