TK |
|
TKAMM logo
GYZYKLY  PURSATLAR
GYZYKLY  PURSATLAR
GYZYKLY  PURSATLAR
GYZYKLY  PURSATLAR
GYZYKLY  PURSATLAR
GYZYKLY  PURSATLAR
GYZYKLY  PURSATLAR
22.07.2026 Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

GYZYKLY  PURSATLAR

   Berkarar döwletiň  täze  eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen  halkynyň Milli  Lideri    Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  tagallalarynyň  netijesinde   bagtyýar  çagalygyň  mekanyna öwrülen  ýurdumyzda  ýaş  nesiller  üçin giň  gerimli  işler  amala  aşyrylýar.

        2026-njy „Garaşsyz,  baky  Bitarap  Türkmenistan – bedew  batly at-myradyň  mekany”  ýylynyň  tomus  paslynda  ýurdumyzyň ähli  künjeklerindäki  çagalar  sagaldyş-dynç  alyş  merkezlerinde   dynç  alyş  möwsümi  uly  şatlyk-şowhun  bilen  dowam  edýär.  Türkmenistanyň  Energetika  ministrliginiň  “Energohyzmat”  birleşiginiň   Gökderedäki  “Çynar”  çagalar  dynç  alyş merkezinde hem çagalaryň tomusky dynç alşyny ýokary derejede guramak  we olaryň saglygyny berkitmek  üçin ähli şertler  döredilýär. Golaýda şu sagaldyş-dynç  alyş  merkezinde birleşigiň kärdeşler  arkalaşygynyň ilkinji  guramasy  tarapyndan çagalaryň  başarnyklaryny  kämilleşdirmek,  saglyklaryny  berkitmek  maksady  bilen, ýörite  taýýarlanan  meýilnama  esasynda  sportuň  futbol, woleýbol, basketbol, tanap  çekmek, küşt, şaşka  sport  görnüşleri  boýunça  sport  ýaryşlary  geçirildi. Üstünlik  gazanan  çagalara Hormat  haty  we  ýadygärlik  sowgatlar gowşuryldy. Geçirilýän  ähli  çäreler  çagalaryň dynç  alyş  döwrüni has-da  gyzykly  pursatlara  besleýär.

 

 Türkmenistanyň  Energetika

işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň

Geňeşiniň esasy  hünärmeni A.Pirnazarowa