Gahryman Arkadagymyzyň öňdegörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýaş nesiliň bagtyýar ýaşamagy, doly derejede dynç we bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçiriýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen ýurdumyzda awgust aýynyň 19-22 aralygynda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda - senagat edarasynda dört günläp geçirilýän “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi ýarmarkasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Sergi ýarmarkanyň dabaraly açylmagy köpöwüşginli bezeglere, gyzykly oýunlardyr, bäsleşiklere şeýle hem dünýämiziň bezegi bolan çaga gülkilerine beslendi. Şatlyk - şowhuna beslenip geçirilýän sergi-ýarmarkasy körpeler üçin özboluşly baýramçylyga öwrüldi.
Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryna kadaly dynç almaklary ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerine Gökderede, Awazada we Diýarymyzyň sebitlerinde ýerleşýän merkezlerinde dynç alyp, saglygyny berkitmekleri munuň özi täze okuw ýylyna uly ruhybelentlik bilen başlamaklaryna itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gökdere “Beýik Serdaryň ruhybelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Çynar” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň tomusky dynç alyş möwsüminiň gyzykly pursatlaryny görkezýän sergi diwarlyklary gurnaldy.
Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, kärdeşler arakalaşygynyň ikinji guramasynyň işjeň agzalary Baýramgeldi Amanow, Şemşat Amangulyýewa, Laçyn Şamyradowa şeýle-de “Energohyzmat” birleşiginiň işgärler bölüminiň hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Jennet Agamämmedowa dagylar gatnaşyp, tele we radioýaýlymlarynda sergini giňişleýin wasp edip, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlaryny aýtdylar.
Türkmenistanyň Energetika işgärleriniň