TK |
|
TKAMM logo
MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI
19.06.2026 Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI

          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz,  baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tutumly tagallalary netijesinde bu gün Watanymyzyň çar künjeginde Medeniýet we sungat işgärleriniň güni we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk şowhuny, dabarasy has belentden ýaňlanýar, eziz Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän taryhy maksatnamalarynyň waspy ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň halkara ylmy hyzmatdaşlyk syýasatynyň, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylan, medeni we ynsanperwer halkara gatnaşyklarynyň giňelmegine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň wagyz edilmegine ýardam edýän düýpli özgertmeleriň ähmiýeti örän uludyr.

Zehinini müdimi umumadamzat gymmatlyklaryna hyzmat etmäge bagyş eden Magtymgulynyň ruhy-intellektual dünýä ösüşinde ahmiýetli orun tutan şahsyýetleriň biridigi, dünýä halklarynyň çeperçilik dünýä garaýşynyň ösmegine güýçli täsir eden Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýetiniň milli çäkden belentdedigi, onuň has çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenilmegi talap edilýän ugurlarynyň biridir. Onuň döredijiligi müdimi ylham, ahlak, watanperwerlik, edermenlik we ösüp gelýän ýaş nesil üçin görelde terbiýe mekdebi bolan türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyran beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk öwrenilmeginiň we giňişleýin wagyz edilmeginiň ähmiýeti örän uludyr.

Ýurdumyzda bellenilip geçilýän baýramçylyk dabaralarda nepis şaý-sepler, türkmen halylary we haly önümleri, milli lybaslardyr ussalaryň hem-de senetçileriň işleri sergilerde ýerleşdirilýär, şeýle hem Magtymgulynyň çuň manyly, watançylyga ýugrulan goşgulary, edebi-sazly kompozisiýasy ajaýyp baýramyň çuňňur döredijilik we mähirli ruhuny güýçlendirýär.

Türkmenistanyň  Medeniýet,  sport,  syýahatçylyk  we jemgyýetçilik guramalarynyň  işgärleriniň  kärdeşler  arkalaşygynyň  Geňeşiniň, “Altyn-Asyr:Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamaklarynda  Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Medeniýet – halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada teatryň artistleri, aýdymçylary uly ruhubelentlikde aýdymdyr, sazlary bilen çykyş etdiler we özlerine döredilýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

         Magtymgulynyň öňden görüjilikli eserlerinde arzuw eden, üstünlikli bilim almak we netijeli işlemek üçin ýurtda döredilen  ähli zerur şertler, türkmen ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin bagtly, asuda, Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimizde abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işlerinde uly üstünlikler arzuw edýäris.

 

Öwezgeldi Atageldiýew, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazynyň kömekçisi, KA-nyň işjeň agzasy.

Degişli makalar