TK |
|
TKAMM logo
MEDENIÝET WE SUNGAT HALKYŇ ÝOL-ÝÖRELGESI, EGSILMEZ RUHY DÜNÝÄSI, ŞÖHRATLY TARYHYDYR
18.06.2026 Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

MEDENIÝET WE SUNGAT HALKYŇ ÝOL-ÝÖRELGESI, EGSILMEZ RUHY DÜNÝÄSI, ŞÖHRATLY TARYHYDYR

Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Dost­luk köp­rü­si bo­lup hyz­mat ed­ýän me­de­ni­ýet ul­ga­my ýur­duň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kitmek­de hem my­na­syp orun eýe­le­ýär.Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Döredijilik çäreleri: Baýramçylygyň çäginde teatrlarda sahna oýunlary, konsertler, sergiler, sungat ussatlarynyň çykyşlary hem-de ylmy-amaly maslahatlar guralýar. Şol sanda hem Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň sygryýet güni mynasybetli “Ruhubelent” kärhanasynda medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda “Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň halk artistleri we at gazanan artistleri özleriniň aýdymlary bilen çykyş etdiler we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.  Her ýylda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda, şeýle hem dostlukly döwletleriň ýurdumyzda Medeniýet günleri üstünlikli gurnalýar. «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda taryhy-medeni ýadygärliklerde möwsümleýin ylmy-barlag, rejeleýiş işleri geçirildi.Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän giň gerimli döredijilik dabarasy türkmeniň medeni mirasyny gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda esasy orny eýeleýär. Medeniýet Hepdeligi diňe bir döredijilik dabarasy bolman, eýsem halkyň ruhy baýlygyny, gadymy gymmatlyklaryny we sungatyny wagyz etmäge hyzmat edýär. Medeniýet hepdeligi bilen bagly bu uly çäreler ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda nobatma-nobat geçirilýär. Meselem, ozalky ýyllarda Arkadag şäherinde we Ahal welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda jemleýji dabaralar guraldy. Bu hepdelik medeniýet we sungat işgärlerine goýulýan hormatyň nyşany bolup durýar. Şeýle hem, Medeniýet hepdeligi ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge we ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­rasat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da ýe­ti­len sep­git­ler has-da ýo­kar­la­nyp, uly ro­waç­lyk­la­ra eýe bo­lun­ýar. Me­de­ni­ýe­ti döw­re­bap dere­je­de ös­dür­me­giň döw­let sy­ýa­sa­tynyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Döw­rüň ýe­ten de­re­je­si­ni be­lent ruh­da wasp et­mek­de, il-günümizi tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyrmak­da, döw­rüň me­de­ni­ýe­ti­niň we sun­ga­ty­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny çuňňur öw­re­nip has-da kä­mil­leş­me­gi­ni, tä­ze de­re­je­le­re gö­te­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek­de me­de­ni­ýet, sun­gat iş­gärle­ri­niň il­ha­lar, ru­hu­be­lent eser­le­ri dö­ret­mek­le­ri my­na­syp orun eýe­le­ýär. Ähli türkmen halkymyzy Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de beýik akyldar, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaşlyklara beslensin!

 

TKAMM-yň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň tehniki gözegçisi Gurdow Meýlis.

Degişli makalar