Şu gün Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň binasynda Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada alnyp barylýan işleriniň taryhy ähmiýetini giňden düşündirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Energetika işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň bilelikde guramagynda wagyz - nesihat maslahaty geçirildi.
“Türkmenistanyň Halk Maslahaty - beýik ösüşleriň röwşen geljegi” diýilip atlandyrylan maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri şeýle-de energetika pudagynyň edara-kärhanalarynyň işgärleri hem-de energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Çykyşlarda täze taryhy döwürde Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky eýeleýän möhüm orny barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem milli demokratiýamyzyň taryhy köklerine daýanýan bu ýokary edaranyň agzybir halkymyzyň agzybirligini, birleşigini hem-de döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini bellediler.
Çykyş edenler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, umumymilli forumy guramaçylykly geçirmek bilen bagly meseleler hakynda hem giňişleýin beýan etdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy rowaçlyklaryň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary netijesinde hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baş tutanlygynda il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Türkmenistanyň Energetika
işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň
Geňeşiniň esasy hünärmeni Durdyýewa Maral