TK |
|
TKAMM logo
ÝAŞLARYŇ HALYPASY
ÝAŞLARYŇ HALYPASY
23.06.2026 Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

ÝAŞLARYŇ HALYPASY

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri Amanmuhammet Nurmuhammedowyň 90 ýaşynyň dolandygy baradaky şatlykly habar geldi.

Bu şatlykly habary eşidip, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi alym halypa Amanmuhammet Nurmuhammedowy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň adyndan gutlamagy teklip etdi.

Alym halypanyň zähmet ýoluny öwrenip onuň dil, edebiýat ylmy ugrunda asylly zähmet çekip, türkmen filologiýa ylmyna saldamly goşant goşandygyna göz ýetirdi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşup, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatlaryny hem-de türkmen ylmy baradaky sargytlarynyň many-mazmunyny ýaşlara giňden wagyz edýändigini, olara halypa hökmünde görelde bolýandygyny nazara alyp, şeýle hem 90 ýaşynyň dolmagy hem-de 12-nji iýun Ylymlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri Amanmuhammet Nurmuhammedowy hormat haty hem-de gymmat bahaly ýadygärlik sowgat bilen sylaglady.

Degişli makalar