Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döredilýän mümkinçilikler ösen aň-düşünjeli, ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaş nesliň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem aýratyn üns berilýär, bilim işini dolandyrmagyň umumy kabul edilen ýörelgelerini ornaşdyrmak, bilimiň, ylmy işleriň önümçilik bilen arabaglanşygyny üpjün etmek, talyplaryň nazary bilimlerini amaly şertlerde has-da kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününi mynasybetli Türkmenistanyň Energetika ministrligine degişli bolan Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde hem dabara geçirildi. Oňa pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň tehniki gözegçisi Ç.Gurbanow gatnaşdy we çykyş etdi.
Şeýle-de bu çäräniň dowamynda şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň orta hünär mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen olimpiýadada Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň ýeňiji bolan talyplaryna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bilimler we talyp ýaşlar güni gutly, mübärek bolsun!!!
Ç.Gurbanow, Türkmenistanyň Energetika
işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň
Geňeşiniň tehniki gözegçisi