Häzirki zaman hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň kemala gelmeginde we onuň rowaçly ösüşlere eýe bolmagynda jemgyýetiň agzalarynyň – döwletiň raýatlarynyň zähmet çekmek hukuklaryna we mümkinçiliklerine möhüm orun degişlidir. Diýmek, zähmet we onuň bilen baglanyşykly kanunçylyk-hukuk ulgamyny kämilleşdirmeklige, öňdebaryjy zähmet gatnaşyklaryny ýola goýmaklyga, zähmetiň şertlerini döwrebaplaşdyrmaklyga ünsi güýçlendirmek ugrunda döwletiň we jemgyýetiň edýän oňyn tagallalary şu nukdaýnazardan gözbaş alýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň we ulgamlarynyň edara-kärhanalarynda zähmetiň has netijeli, kämil usullary we şertleri giňden ornaşdyrylýar. Zähmet çygrynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler dünýä ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, türkmeniň milli ruhy-ahlak ýörelgelerinden we häzirkizaman halkara zähmet hukugyndan gözbaş alýar.
Häzirki zaman zähmet kanunçylygynda raýatlaryň zähmet hukuklarynyň döwlet kepillikleriniň üpjün edilmegi, zähmet üçin amatly şertleriň döredilmegi, işgärleriň we iş berijileriň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy ýaly esasy maksatlar göz öňünde tutulandyr. Bu bolsa öz gezeginde birnäçe binýatlyk halkara resminamalaryna esaslanýar. Olara BMG-niň resminamalary degişlidir. Çünki olarda adamyň beýleki hukuklary we azatlyklary bilen bir hatarda durmuş-zähmet hukuklary we erkinlikleri hem beýan edilendir.
Hormatly Prezidentimiziň kanunçylyk-hukuk ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistan halkara konwensiýalarynyň birnäçesine goşuldy hem-de ýurdumyzda birnäçe täze kanunlar kabul edildi. Netijede, ýurdumyzyň milli zähmet kanunçylygy häzirki zaman halkara zähmet hukugynyň talaplaryna doly laýyk gelýär diýip buýsançly aýdyp bileris. Olara ilkinji nobatda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasynyň netijesinde halkara hukuk ülňüleriniň esasynda işlenilip düzülen Türkmenistanyň Zähmet kodeksi degişlidir. Bu resminamanyň zähmet çygrynyň möhüm bölegi bolan durmuş hyzmatdaşlygy ulgamynyň döwlet, çäk, pudak we kärhana derejelerinde sazlaşykly özara hereketini-de kadalaşdyrýandygy aýratyn möhüm ähmiýetlidir. Bu babatda ylalaşyklara we köpçülikleýin şertnamalara möhüm orun degişlidir.
Häzirki günlerde ýurdumyzda we köpçülikleýin şertnamalary baglaşmak boýunça çäreler üstünlikli dowam edýär. Bu möhüm çärä welaýatymyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmeleri hem işjeň gatnaşýarlar. Çünki Zähmet kodeksiniň talaplaryna laýyklykda hut kärdeşler arkalaşyklary durmuş hyzmatdaşlygy ulgamynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmekde işgärleriň kanuny wekilleri hökmünde çykyş edýärler. Zähmet kanunçylygyna we Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna laýyklykda kesgitlenen borçlaryny berjaý etmek, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmak, sagdyn durmuşy ündemek, zähmetkeşleriň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak howpsuz we amatly iş şertlerini döretmäge jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmak, zähmetkeşleriň tagallalaryny milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän bu asylly çäre zähmetkeşler köpçülikleriniň jebis tagallalary esasynda amala aşyrylýar.
Baglaşylan ylalaşyklaryň we köpçülikleýin şertnamalaryň ýerine ýetirilişini hemişelik üns merkezinde saklamak esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu resminamalaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerini seljermekde we jemlerini jemlemekde, täze möhlet üçin olary işläp düzmekde çäk birleşmeleri, pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň çäkdäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşleri hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalary tarapyndan ýerli häkimiýet edaralary, pudak dolandyryş edaralary we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylygy bilen bilelikde işler alnyp barylýar. Netijede, edara-kärhanalarda işgärleriň hünärlerini ýokarlandyrmaklyga, olar üçin döwrebap zähmet şertlerini we mümkinçiliklerini döretmeklige, öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmeklige we ýaýratmaklyga, zähmet kanunçylygy boýunça bilim-düşünjelerini artdyrmaklyga, zähmeti goramaklyga we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny berjaý etmeklige gönükdirilen borçnamalar, şonuň ýaly-da, birnäçe durmuş ýeňillikleri göz öňünde tutulýar. Bu bolsa durmuş hyzmatdaşlygy ulgamyny sazlaşykly ýola goýmakda, zähmetkeşleriň durmuş-zähmet meselelerini içgin öwrenmekde we durmuş goldawyny., hukuk kömegini, maslahatlaryny bermekde, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynda bolup geçýän oňyn täzelikleri, kabul edilýän täze kanunçylyk resminamalaryny düşündirmekde giň mümkinçilikleri açýar.
Hormatly Prezidentimiziň „Döwlet adam üçindir!“ diýen syýasaty barha rowaçlanýar. Her bir zähmet adamsyny milli Liderimiziň: „Ata Watanymyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek biziň baş maksadymyzdyr“ diýen çuň manyly sözleri täze sepgitlere, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaşlyklara beslensin!
TKAMM-yň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň tehniki gözegçisi Gurdow Meýlis.